düýp düýp cf: fundament, esas. 1n base, bottom, deepest part deňziň düýbi the bottom of the sea Deňiziň düýbi çüň hem ajaýyp. The bottom of the sea is a long way down and wonderful. Köne guýynyň düýbi gurapdyr. The bottom of the old well was dried out. çelegiň düýbi the bottom of the bucket gazanyň düýbi the bottom of the pot Serhoş çüýşäň düýbüni görmän turmady. The drunk did not stop drinking until he finished the bottle. düýpde oturmak to sit on the bottom meseläniň düýbüne ýetmek get to the bottom of problem Gadyrly myhmanyň ýeri otagyň düýbünde. The place for a polite guest is at the back of the room. 2n root, base of plant düýp tutmak to put down roots, get established Çynaryň düýbi gaty çuňa gidýär. The root of the plane tree goes deep. Guran agajy kesmän düýbi bilen gopardylar. They uprooted the dried tree instead of chopping it down. Täze eken güllerimiz düýp tutupdyr. Our newly planted flowers have taken root. Agyrly dişimiň düýbi berk bolanlygy sebäpli sogurman,bejerdiler. Because the root of my aching tooth was immovable, the dentist treated it instead of pulling it out. 3n bulb (of a plant), head bir düýp sarymsak one head of garlic Bir düýp sarymsakda bäş-alty sany däne bolýar. There are five to six cloves in each bulb of garlic. 4n foundation, basement tamyň düýbi house’s foundation Ussalar täze tamyň düýbüni tutdylar. Builders put in the foundations of the new house. {grammar} 5adj main, essential, fundamental, key, root, foundation düýp işlik root verb düýp dereje foundation level [in your studies] Meseläň düýp sebäbini bilmek üçin hemme taraplaýyn derňemeli. To find the fundamental reason for the problem all aspects must be investigated. düýp mazmun the key concept

düýbüne ýetmek (comp.) v To reach to the bottom
Ummanyň düýbüne ýetmek mumkin däl. It is impossible to reach to the bottom of the ocean.

düýbüni tutmak (comp.) v to base, found, establish Uly işiň düýbini tutmak üçin köp işler edilmeli. To establish a major work many things must be done.

düýp tutmak (comp.) v to put down roots, get established, to take root, settle Geldi agalar köp ýyl mundan ozal göçüp gelip bu ýerde düýp tutdular. Geldi moved and settled here many years ago.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

CAPTCHA

*