Turkmen - English Dictionary


a


abadan abadan [abada:n] 1adj prosperous, well, whole Biz abadan durmuşda ýaşaýarys. We live in prosperous life. 2n person's name Abadan gelýärmi? Is Abadan coming? 3adj prosperous, well, whole
abadançylyk abadançylyk [abada:nçylyk] n 1prosperity Biziň Prezidentimiz abadançylyk syýasatyny alyp barýar. Our President carry out prosperity policy. 2improvements, modern amenities Ýertitremeden soň şäherde abadançylyk işlerini geçirdiler. They did improvements after earthquake in the city.
abadanlaşdyrmak abadanlaşdyrmak [abada:nlaşdyrmak] v 1to improve, make improvements, redo, do something up, remodel Ýer titremesinden soňra, şäheri abadanlaşdyrdylar. After the earthquake, they remodelled the city. 2to modernise
abadanlaşmak abadanlaşmak [abada:nlaşmak] v to be improved Obalar hem gün-günden abadanlaşýar. Villages are also improved day by day.
abadanlyk abadanlyk [abada:nlyk] adv prosperity, peace, wholeness Täze ýylda size maşgalaňyzda abadanlyk dileýäris. We wish you peace in your family in the New year.
abanmak abanmak [a:banmak] v 1to bend over, to lean over Üstüme abanyp durma. Don't lean over my shoulder! 2to over-hang Ýokarda gaýa bize abanyp dur. There is a cliff overhanging us. 3to threaten Ýurda işsizlik howpy abanýar. Unemployment threatens the country.
abat abat [a:ba:t] adj 1in good condition, in good working order Sen döwük maşyny abat etmeli. You need to repair the broken-down car. Köne, ýöne abat aýakgap. Old, but in working condition shoes. 2whole, in one piece abat maşgala healthy, whole family (with kids, not divorced) 3safe and sound Ol derýadan uzakda abat ýerde mekan tutdy. He settled in a safe place away from the river. abat öý solid house
abatlaýyş abatlaýyş n repairs Täze okuw ýylyna taýýarlanmak üçin mekdeplerde abatlaýyş işlerini geçirýärler. They do repairs in schools in order to prepare for the new academic year.
abatlyk abatlyk [a:ba:tlyk] n 1safety, lack of damage Tupan abatlyk getirmez. A hurricane is bound to cause damage. 2wholeness Abatlyk bolsa, rahatlyk bolar. Where everything is in order, there is peace.
abraý abraý [a:braý] n esteem, respect, honour, prestige, (good) reputation abraýa eýe bolmak to be keeper of one's own reputation Türkmen atlarynyň dünýäde uly abraýy bar. Turkmen horses are esteemed around the world. abraýyny dökmek to discredit
abraýdan düşmek (comp.) 1to lose respect Aýagyny gyşyk basyp, ters iş edip abraýdan düşdi. He lost his respect by doing immoral and wrong thing. 2to fall from grace Ol ýalan gepläp, abraýdan düşdi. He lied and has fallen from grace.
abraýly abraýly [a:braýly] adj 1respected, honoured, prestigious, esteemed abraýly adam respected man 2authoritative Abraýly alymyň sözi ynandyryjy bolýar. An authoritative scientist's words are trustworthy. 3high class, formal Abraýly ýerde özüňi edepli alyp barmaly. In high-class places, you have to behave in a cultured fashion.
ABŞ ABŞ n USA Meniň oglum ABŞ-nyň ilçihanasyna işe girdi. My son get work in the embassy of USA. {abbr}
Amerikanyň Birleşen Ştatlary (comp.) the United States of America
abzal abzal n 1instrument, tool, kit Ussahanada köp abzal bolýar. In the repair shop are many tools. 2equipment, outfit, rig gymnastika abzallary gymnastics equipment
abzallaşdyrmak abzallaşdyrmak v to equip, fit out, kit out edarany täze tehnika bilen abzallaşdyrmak to equip an office with new technology
abzas abzas [ab'zas] n paragraph Her bir täze pikiri abzasdan başlamaly. Every new thoughts should start from paragraph.
[a:ç] adj hungry Men irden bäri hiç zat iýmänsoň gaty aç. I am very hungry not eating anything since morning.
aç-açan aç-açan [aç-aça:n] 1adj frank, candid 2adv frankly, candidly, openly aç-açan iş to do something openly aç-açan aýtmak to speak frankly
açar açar n 1key gulpuň açary padlock key Dil ýüregiň/kalbyň açary. The tongue is the key to the heart/soul. 2tin-opener, can-opener; bottle-opener, corkscrew saz açary clef (eg, treble, bass) [anything used to open something else with]{music} 3pass açar sözi password
açgöz açgöz [a:çgöz] adj greedy Meniň dostum açgöz, garny doýsa-da, gözi doýmaýar. My friend is greedy, his eyes are bigger than his stomach.
açgözlük açgözlük [a:çgözlük] n greediness açgözlük bilen seretmek to look greedily Açgözlük gowy gylyk däl. Greediness is not good character. to watch with greediness
açlyk açlyk [a:çlyk] n 1hunger Açlygymdan ölüp barýaryn! I'm dying of hunger! açlyk yglan etmek to go on a hunger strike 2famine Gurakçylykda açlyk döreýär. When there is a lack of rainfall, it causes famine.
açmak açmak v 1to open, inaugurate, turn on Sport dürli ýurtlara gapy açýar. Sports open the door to different countries. Gapyny aç. Open the door. 2reveal, discover Ylym tebigat syrlaryny açýar. Research reveals the secrets of nature. Galileý ýeriň aýlanmak kanunyny açdy. Galileo discovered the laws concerning the earth's rotation. 3to open, begin ýygnagy açmak to open a meeting 4to turn on Radiony açsana, gyzykly gepleşik gidip dur. Turn on the radio, there is interesting speech is going on.
agyz açmak (comp.) (during the fast of Ramadan) to break one's fast
ara açmak (comp.) to dissociate, break off relations
göwün açmak (comp.) to have a good time with one's friends
gürrüň açmak (comp.) to begin a conversation, open a conversation
açyk açyk adj 1open açyk göwünli open-hearted açyk gapy, dükan an open door, shop 2clear açyk asman clear sky {sky} 3light açyk mele light brown açyk gyzyl pink {colour}
açylmak açylmak v 1to be opened Aýna açylypdyr. It seems that the window has been opened. 2to open Sergi açylypdyr. The exhibition opened. 3to bloom Güller ýazda açylýarlar. Flowers bloom in spring. 4(weather) to brighten up Gyşda asman kä açylýar, kä bürelýär. In winter sky is sometimes clear, sometimes overcast.
açylyş açylyş adv opening Bu gün Aşgabatda täze muzeýiň açylyşy boldy. Today there was opening new museum in Ashgabat.