Türkmençe - iňlisçe


u


unutmakvto forgetDükandan almaly zatlaryňy unutmaz ýaly kagyza belläý.So you don't forget what to buy, write a list.
ur-tut'ur-tutadvright awayDuýdansyz myhman gelensoň, ur-tut nahar taýynlamaga başladym.Because of an unexpected guest I started cooking a meal right away.Gyzym barmagyny kesdirensoň, ur-tut daňyşdyrdym.When my daughter cut her finger, I bandaged it right away.Aýagymyň damary çekenşoň, ur-tut ýerimden galdym.When I got cramp in my leg, I jumped up right away.
uraura:interjhurrah!Ura! Ýagyş diňdi!Hurrah! The rain has stopped!
urgyn1blow, hitBoksýor bir urguda garşydaşyny ýatyrdy.The boxer knocked his opponent down with one blow.2heartbeatHassaň ýanynda duran apparatyň manitorynda ýüregiň urgusy görkezýärdi.The patient's heartbeats were displayed on a monitor which stood next to the patient.Koordiolog hassaň puls urgusyny eli bilen diňledi.The cardiologist measured the patient's heartbeat with his hand.duşmanyň urgusyna döz gelmekto bear it when the enemy wins
urkaçyadjfemale (animal)Çopan urkaçy malyny bir gapdala erkek malyny bir gapdala sürdürdi.The shepherd made his female sheep stay on one side and his male sheep on the other.Akguş urkaçy it bolsa-da, Garagözi ýeňdi.Even though Akgush was a female dog, she beat Garagoz in the fight.
urmakv1to hit, beat, flog, thumpýumruk bilen urmakto thump (something or someone)Sen bir okda iki towşany urjak bolma, ilki bir işiňi et, soňra beýlekisini.Don't try and hit two rabbits with one shot, first do one thing, then another.Çemen Kuwwaty uranda, ol aglar oturardy.When Chemen hit Kuwat, he used to cry.Goňşymyň bet iti üstüme topylansoň taýak bilen urdum.When my neighbour's crazy dog attacked me, I hit it with a stick.Ýumruklap urmajak bolup, dulugyna bir şarpyk çaldy.Rather than beat him with his fists, he slapped him in the face.2to poundKakmaç bişirmek üçin ilki eti pyçak bilen urmaly.When cooking kakmach, first beat the meat with a knife.Ýagyp başlan ýagyş aýna urýardy.The rain that started was pounding on the window.Gaharyna stoly urup, üstündäki suwly grafini düwdi.He hit the table angrily and knocked off a decanter of water.Oglum pianinanyň klawişalarynda çalman barmaklary bilen urýardy.My son was hitting the piano keys, instead of playing them.3to thumpGüjük eýesiniň ýüzüne seredip, guýrujagy bilen ýere urýardy.The puppy was beating the ground with his tail while looking at his owner's face.4to strike, to hitMerdan awda bir atanda iki ördegi urup aldy.While hunting Merdan hit two ducks with one shot.Sagadyň on ikä urmagy bilen Täze ýylyň birinji güni başlanýar.When the clock strikes 12 times New Year begins.5to slamOglan gaharyna gapyny urup çykyp gitdi.The boy left slamming the door angrily.6to beat, to flogÖňki döwürde gul aýdylan zatlary ters etse, gamçy bilen urýardylar.In olden times, if a slave did things incorrectly, he was beaten with a whip.7to thrust oneselfOl özüni sowuk suwa urdy.He thrust himself into the water.Ol özüni tokaýa urdy.He thrust himself into the forest.Ol gaharyna özüni niräk urjagyny bilmedi.He was beside himself with anger.8to loadWagona ýük urmak üçin ilki maňa rugsat hatyňy görkez.First show me your letter of permission to load the wagons.9to robJenaýatçylar gije öý urmak üçin penjireden girdiler.In the evening thieves got into the house through the window, in order to rob it.10to eruptFontan urdy.The fountain erupted. Dagyň eteginden täze çeşme urdy.A new spring erupted from the base of the mountain.agyz urmakcomp.to biteMerdanyň aýagyndan it agyz urup ol hassahana düşdi.Merdan got bitten by a dog and ended up in hospital.azm urmakcomp.to shout at, to threatenMaňa azm urup, meniň göwnüme degjek bolma.Don't threaten me and cause me to be offended.Maňa azm urup, karzyňy bermeseň maşynyňy aljak diýdiler.They threatened me by telling me they'd take your car if you don't repay your debt.hars urmakcomp.vto work hard, to display intense activityHudaý ursun!comp.God forbid! May God strike me down if...Hudaý ursun meni, men şol tigirçegi ogurlan bolsam.God forbid that I should have stolen this small wheel.kök urmakcomp.to take root, put down roots, to develop rootsTäze ekilen gül kök urupdyr.A newly planted flower had taken root.özüňi oda urmakcomp.Özüňi oda salma bilmedik isiňi etjek bolup.reňk urmakcomp.to repaint, to paint overÖňki ak maşynyma gök reňk urdum.I had my white car re-sprayed in blue.sowuk urmakcomp.1to have frostbite2to be struck by frostBiziň mellegimizdäki kelemleri sowuk urupdyr.The cabbages in our cabbage plot were struck by frost.urup açmakcomp.vto break openGapyny urup açdymy, depip açdymy, ýöne gulpy döwüpdir.Whether he broke open the door or hit it with his foot, the door lock was broken.ýama urmakcomp.to patchJynsy balagym ýyrtylansoň ýama urup geýdim.After my jeans was torn I patched it and wore.tok urmakunspec. comp. formelectrocuteÖl eliň bilen çyrany ýakmaly däl, tok urýar.You must not turn the light on with wet hands or you'll be electrocuted.
urpntraditionTürkmen halkynyň ýüzden gowrak urp-adaty bar.The Turkmen nation has more than a hundred traditions.urp-adatcomp.urp-a:datntraditions, customsGoňşyokara türkmenlerde gadymdan gelýän urp-adatdyr.Gongshyokara is an ancient tradition with the Turkmen.
urşujynsoldier, warrior, fighterOnuň müňden gowrak urşujysy bardy.He had more than a thousand soldiers.
uruguru:gnclanOl igler urugyna degişli.He belongs to the Ig clan. everyone in the same urug has one identifiable common ancestor
urulmakv1to be hit, be beatenGünäsiz urulmak Berdiň namysyna agyr degdi.Being beaten for no reason made Berdi very shameful.Jenaýatçy urulmajak bolup kimden we haçan zatlary alanyňy sülçä aýtdy.In order to stop being beaten, the criminal admitted to the detective where, when and from whom he got those things .Başka şähere göçemizde öý goşlarymyz uly maşyna uruldy.When we moved to another city we packed all our stuff in a lorry.Başka şähere göçümizde öý goşlarymyz uly maşyna uruldy.When we moved to another city we packed all our stuff in a lorry.2to strikeGije on ikide sagadyň dili on iki gezek urlanda, Zoluşkaň bar jadysy açylýar.When the clock strikes twelve at midnight, Zolushka will loose all magic.bir okda iki ördek urulmakcomp.to kill two ducks with one shot (~kill two birds with one stone)
urunmakv1to squirm, wriggle, tremble, quiver; to writheNäsag agyra çydaman urunýardy.The patient was writhing in agony.Ýaralanan keýijek iki ýana urunýardy.Biz balygyň kenarda urunyp ýatanyny görüp, derýa goýberdik.We saw the fish wriggling on the bank and set him free in the river.2to fret, worryDoganymyň toýuna toý kejebesini tapýançak, iki ýana urunandyrys.We were fretting before finding the wedding kejebe for my brother's wedding party.Okuw ýylynyň gutarmagyna bir hepde galanda, okuwçylar ekzamene taýýarlanmak üçin urundylar.Täze jaý alanymda öz adyma resmileşdirýançäm urundym.When I bought a new house I worried until we had all the legal documents sorted out.3to fret, to be unsettled (inwardly)Gyzym agşam gyzdyranda, tiz kömek gelýançä bir howsala düşüp urunandyryn.When I called the emergency services because of my daughter's high temperature, I was panicking.
uruşn1war, battle, fightikinji jahan uruşyWorld War IIurşuň uruş ýyllarythe grim years of warIkinji jahan urşy müňlerçe adamlary betbagt etdi.World War II made many people unhappyIl içinde är-aýal arasynda uruş bolsa hasa guraýança ýaraşsaň sogap diýilýär.Among the nation it is considered to be a good sign to reach peace after a quarrel between a husband and his wife before the stick dries.Uruş meýdanynda jesetlerden ýaňa aýak basara ýer ýokdy.On the battlefield there was no place to put your feet because of the dead bodies.Ýadro urşynyň howpuny biz Hirosima we Nagasakiden onuň nähili betbagtçylykdygyny bilmeli we unutmaly däl.From the Nagasaki and Hiroshima nuclear warfare we have to learn how devastating it is and we must never forget it.Owganystan ýurdunda ençeme ýyllap raýatlyk urşy gidip dur.In Afghanistan civil war has continued for years.Uruş meýdanda jesetlerden ýaňa aýak basara ýer ýokdy.In the battlefield there was no place to put your feet because of the dead bodies.Ýadro urşynyň howpuny biz Heroşima we Nagasakiden onuň nähili betbagtçylykdygyny bilmeli we unutmaly däl.From the Nagasaki and Hirosima atomic war we have to learn how detrimental it is and we must never forget it.Owganistan ýurdunda ençeme ýyllap raýatlyk urşy gidip dur.In Afghanistan civil war has continued for years.2campaignTalyplar AIDS keseline garşy uruş yglan etdiler.Students declared a campaign against the AIDS disease.3argumentSerdar bilen Wepaň arasyndaky uruş ýakymsyz sözden başlady.The fight between Serdar and Wepa started with some unpleasant words.
uruşdyrmakv1to fightHorazlary uruşdyrmak üçin biz ýaryş meýdanyny taýynladyk.We prepared the cockpit for the cockfight.Iki dostuň arasyna töhmet atyp uruşdyrdylar.Through libel they made the two friends quarrel.Poligonda ýaryş geçirilende esgerler ýaragly uruşdylar.During the competition in the polygon, soldiers fought with weapons Ýaryşda itleri uruşdyranymyzda Akguş birinji ýeri eýeledi.When the dogs fought in the competition, Akgush won first place.Ýaryşda itleri uruşdyramyzda Akguş birinji ýeri eýeledi.when dogs fought, Akgush wonHorazlary uruşdyrmak uçin biz ýaryş meýdanyny taýynladyk.for making the cocks to fight we prepared the competition place Iki dostyň arasyna töhmet atyp uruşdyrdylar.by libelling they made the two friends quarrelverbal or physical2windows3to sealEýeleri köne jaýy gulplap daşyndan uruşdyryp gitdiler.Having locked the door of the old house the owners left. Penjiräň daşyndan gawsasyny ýapyp gulpladyk. Having closed the window frame from outer side we locked it. house5to patch, to sew togetherÝyrtylan jalbaryma ýama uruşdyrdym.I have patched my torn down pants.Galan gykyndyk matalary uruşdyryp, bir körpeçe tikdim.I have sewn together scraps of the material and made a small mattress. Şitilhanaň daşyna aýna ýetmedik ýerine paket uruşdyrdyk.Owing to the shortage of glass, we used polythene sheet to cover some areas of the greenhouse. Sowgadymy korobka salyp, daşyna owadan paket uruşdyryp oňardym.I have placed my gift in the box and wrapped it in a beautiful plastic bag.Şitilhanaň daşyna aýna ýetmedin ýerine paket uruşdyrdyk.We used polythene sheet to cover some areas of the Greenhouse due to the lack of glass. Sowgadymy korobka salyp daşyna owadan paket uruşdyryp oňardym.I have placed my gift in the box and wrapped it with beautiful plastic bag.
uruşmakvto fight, have a battle, squabbleUruşmak ite ýagşy.Fighting is only good for dogs.Men Mähri bilen şu wagt gepleşemok, biz uruşdyk.I don't speak with Mahri, we had squabbledRowaýatlarda şa gyzyna öýlenmek üçin rysarlar ýaragly öz aralarynda uruşýardylar.In legends, knights fought using their weapons between themselves for marrying princess.Faşistik Germaniýa goňşy döwletler bilen uruşdy.Fascist Germany fought with neighbouring countries.Türkmeniň däbinde gelne baş salnanda gyzlar gelinler bilen gelne baş atdyrmajak bolup ýakalaşyp uruşýarlar.In Turkmen tradition, when a bride is given a scarf to cover her head, girls fight with women to show that they don't want that their best friend to marry.Berdi bilen Döwran ýumruklaşyp urşandyklary üçin mekdebiň direktory öz ýanyna çagyrdy.Because Berdi and Dowran had been caught fighting, the headmaster called them to his office.Alabaý möjek bilen gara gan bolýança uruşdy.An Alabay dog fought with a wolf until it, the dog, was bleeding.Türkmeniň däbinde geline baş salynanda gyzlar gelinler bilen geline baş atdyrmajak bolup ýakalaşyp uruşýarlar.In Turkmen traditions, when a bride is given a scarf to cover her head, girls fight with women as a sign that they don't want that their best friend to get married.Alabaý möjek bilen gara gan bolýançalar uruşdylar.An alabay fought with a wolf until he was bleedingverbal or physical
ussanrepairman, craftsmanZynjyrym üzülende zergär ussa bejertmäge eltdim.I took my broken chain to jewellery repairman. agaç ussasycomp.joiner, carpenter; luthierAýal doganym durmuşa çykanda agaç ussaň ýanyna baryp onuň oňaran iň owadan sandygyny aldyk.When my sister got married we went to see a carpenter and bought the most beautiful chest.Mälik Gökje agaç ussasy, onuň oňaran dutarlary Mary iline belli.Malik Gokje is a luthier and the dutars he makes are well known to folk in Mary.demirçicomp.blacksmithÇarhyň tigirçegi döwülende, demirçi ussa eltip bejertdi.When a mill wheel broke, they brought it to silversmith to fix.demirçi ussasilversmithtikinçi ussacomp.tailor, seamstressMeňli obamyzyň belli tikinçi ussasy, köp gyz-gelinler köýnegini şoňa tikdirýärler.Mengli is our village's most well-known seamstress, many girls and women get her to sew dresses for them.
ussaçylyknthe profession of a craftsmanUssaçylyk etmek aňsat iş däl, jogapkärçiligi kän.To carry out craft work is not easy, there are many responsibilities.
ussahanaussaha:nan1repair shop, workplaceEl sagadymyň batareýasy çökenligi sebäpli sagat ussahanasyna tabşyrdym.Because of the battery of my watch has expired, I gave it to a watch repairing shop.Telewizor ussahanasyna baramda her hili bejerilmeli ýa-da eýýäm bejerilen telewizorlary gördüm.When I came into the TV repair shop I saw many repaired and needing to be repaired TVs.2garage, mechanic's yard, auto repair shopMaşynyň tigiriniň ýeli çykyp maşyn ussahanasyna zordan aşdym.The tyre was flat, so I barely reached the garage.3joiner, carpenter, timber yardAgaç ussahanasyna baramda ussaň agaçdan ýasan zatlaryny görüp aňk bolupdyryn.When I came into carpenter's shop, I was astonished seeing things that carpenter has made of wood.4(art) studioTäze heýkellerini görkezmek üçin Çeper joralaryny öz ussahanasyna çagyrdy.Cheper invited her friends to her art studio to show them her new sculptures.Çeperçilik ussahanasyna tälim almak üçin ýaş talyplar gelip surat çekmegi öwrendiler.Students came to art studio; sculpture's studio to learn something and learned to draw a painting.
ussatussa:tcfekspert1nmaster, expertKasparow küşt oýunyň ussady.Kasparov is a master chess player.2adjskilful, talentedBatyr saza ukyply bolup, ussat sazanda bolup ýetişdi.Batyr was talented in music, so he became a skilful musician.Annaguly Nurmämmedow ussat ýazyjylaryň birisi.Annaguly Nurmamedov is one of the most talented writers.Men tikinlilik işinde ussat bolsamam entek edilmeli we öwrenmeli zatlar juda köp.Even though I am skilful tailor, there are plenty of things to learn and do.
ussatlykussa:tlyknexpertise, skillGülşirin Alijanowa öz konsertinde çykyş edip ussatlyk görkezdi.Gulshirin Alijanova performed live and showed how talented she is.Şu 2006-njy ýyldaky olimpiadada Amerikaly figurist gyzlar öz programmalarynda ussatlyk görkezdiler.This year, 2006, American ice-skaters showed a masterpiece in their programme.Kaskadýorlar maşynlarynda ýük maşynyň üstünden sürüp geçýärler, şeýdip olar ussatlyk görkezýärler.Stunt men drive their cars over freighters and in so doing show their skills.
usulusu:ln1techniqueMerjen tikinçi ussaň ýanyna gatnap tikin edip her hili usul öwrendi.Merjen learnt different kinds of sewing techniques while visiting her instructor.Futbol oýnamaň öz usuly bar, şolary bilmeseň utuldygyň hasaplaýmaly.Playing football has its own techniques, if you don't know them think that you lost.Figuristleriň çykyşyna eminler hem usulyna, hem ussatlyk bilen ýerine ýetirilişine baha berýärler.Jurors give balls to both the technique and performance of skaters.2method, wayKompýuterde işlemegiň täze usulyny tapdym we öz toplumymyzyň işgärlerine hödürledim.I found a new method working with computer and offered my co-workers from my groupÇagalar bagynyň terbiýeçilerine çaga okatmaň täze usulyny görkezdiler we işe girizdiler.Pagtaçylyk institutyna başga ýurtlardan ylmy işgärler geldi, olar ylmy barlagyň usulyny geçirdiler.
usullykn1careTäze köýnegimi ýyrtaýmaýyn diýip usullyk bilen geýdim.Gyzym ýatyr diýip gapyny usullyk bilen açdym.As my daughter was sleeping, I opened the door carefully.Bulgurly gutynyň daşynda "usullyk bilen", diýen ýazgy bardy.On the glass box was a sign, 'Take care'.Aýnaň ýüzüni döwäýmäýin diýip usullyk bilen süpürdüm.In order not to break the mirror, I dusted it carefully.2cautionAgyr ýüki usullyk bilen düşürdiler.A heavy burden was carefully unloaded.Gije ýagyş ýaganda maşyny haýal hem usullyk bilen sürmeli.When it rains at night, you have to drive your car slowly and carefully.Tanamaýan adamlaryň bilen usullyk bilen gürleşmeli.With people you don't know well you must speak carefully.Saça sepilýän enjamlarda "usullyk bilen, ýangyna howply" diýlip belgi bar.On accessories for hair there is a sign saying, 'Careful, can catch fire'.Saça sepilýän enjamlarda "usullyk bilen, ýangyn howply" diýlip belgi bar.On accessories for hair there is a sign saying, 'Careful, can catch fire'.3care, careful, carefullyMugallym aglap oturan okuwçy bilen usullyk bilen gürleşip başlady.The teacher started talking carefully with the crying student.Elimde uklap galan bäbegimi sallançakda usullyk bilen ýatyrdym.I carefully put my baby into swing who had fallen asleep in my hands.
usurgamakvto be so exhausted you want to sleepÇaga aglap-aglap, ahyry usurgady.Child cried and cried and at last exhausted.Şu gün gowaça daşap usurgap nan çaýymy iýmän ýatdym.Today I got so exhausted carrying cotton I fell asleep without eating my supper.Şu gün pagta daşap usurgap nan çaýymy iýmän ýatdym.Today I got so exhausted carrying cotton I fell asleep without eating my supper.
uşakadj1tiny, smallMen çagalar bagynda işlämde uşak çagalar bilen işläp başladym.When I worked in the kindergarten I started to work with small children.Meniň uşaklam çagalar bagyndan entek gelenoklar.My little children did not come home from kindergarten yet.Men kiçi çagakam doganlarym meni uşak hasaplap oýunlaryna goşanokdylar.When I was little my brothers did not let me join in with their games as they thought I was too small.Men öý üçin uşak zat satyn almaly, sabyn, şampun, el süpürlýän solfetka bilen telefona sim.I have to buy bits and bobs for home: soap, shampoo, kitchen paper, and a SIM card for the phone.2intricateGaýmany uşak gaýanymdan soň gözlerim ýadady.My eyes became tired after stitching intricate embroidery.3finedükandan uşak duz tapman iri duz almaly boldum.I could not find fine salt in the shop and had to buy big salt.4petty, insignificantHojalygyň uşak işleri: içerleri, çagalaň oýnjaklaryny ýygnaýançam, ütük edýançäm bir salkynymy aldy.The household chores took half my day: to clean the rooms, tidy up the children's toys and to iron.uşak-düşekcomp.bits and bobsMen öý üçin uşak-düşek, sabyn, şampun, el süpürilýän süpürgiç bilen telefona sim satyn almaly.I have to buy bits and bobs for home: soap, shampoo, kitchen paper, and a SIM card for the phone.
utançn1embarrassment, shyness2shameUtanç bolar gyz halyna kakaň ýanynda ýaplanyp ýatsaň.it would be shame, to girl to lay in your dad's presenceTürkmeniň öz däbini bilmeseň saňa utanç dälmi?not knowing your own Turkmen traditions would be shame to you3conscienceŞu güne çenli Şirinde utanç haýasy barmyka diýdim, ol ejesini ýuzgara etdi.Up to now I thought that Shirin had a shame conscience, but she shamed her mother.
utançsyzadjshameless, barefacedUtançsyz biheppe arakhorlar arak içip masgara bolup ýorler.Shameless alcoholics were drinking alcohol and put themselves in shame.Gül ýaly ene-atadan şeýle utançsyz melgunam dörär eken.It turns out that really nice parents have produced such an evil child.