Türkmençe – iňlisçe


j


jenaýat jenaýat [jena:ýat] 1n crime, offence 2adj criminal, felonious jenaýat iş criminal case jenaýat kodeksi criminal code
jenaýatçy jenaýatçy [jena:ýatçy] cf: jenaýatkär. n criminal, offender, felon döwlet jenaýatçysy someone who has committed a crime against the state
jenaýatçylyk jenaýatçylyk [jena:ýatçylyk] n 1crime (in general), felony, attack, criminal act Daşary ýurtlarda köp jenaýatçylyk edilýär. Many crimes were done in foreign countries. 2criminality
jenaýatkär jenaýatkär [jena:ýatkär] cf: jenaýatçy. n criminal Bu adamy jenaýatkär hasaplap, türmä saldylar. They decided he was a criminal and jailed him.
jenjel jenjel n 1quarrel, row, argument jenjel etmek to quarrel 2fuss, a lot of noise, scandal jenjel turuzmak to make a fuss
jenjelleşmek jenjelleşmek v to have a row, quarrel Ol dostlary bilen jenjelleşip, uly gopgun turuzýar. He quarrels with his friends and makes a big fuss.
jennet jennet n 1Paradise, Heaven Jennet eneleriň aýagynyň aşagynda. Paradise is under the feet of mothers. 2Jennet - a girl's name Jennet Uniwersitetde okaýar. Jennet studies at the University.
jeň jeň n battle, fight, war jeň meýdany battlefield Duşmanlar biziň üstümize çozup, uly jeň gurupdyrlar. The enemy attacked us resulting in a big battle.
jeňňel jeňňel n jungle, shrubbery, forest, woods, wilderness Türkmenistanda jeňňel az. There isn't much jungle in Turkmenistan.
jeňňellik jeňňellik n thicket, forest Jeňňelikde köp ýabany haýwanlar ýaşaýar. Many wild animals live in the forest.
jepa jepa [jepa:] n 1suffering, pain köp jepalary başdan geçirmek to experience much/a lot of suffering jepa çekmek to torture/torment, to make suffer 2toil, burden, compulsion
jeren jeren n gazelle, small antelope Biziň Bathyz zapowednigimizde owadan jerenleri görmek bolýar. Many beautiful gazelles can be seen in our Batkhyz reserve.
jerime jerime [jeri:me] n fine, penalty jerime salmak to impose a fine (on), to fine someone jerime tölemek to pay a fine Kassa gidip, jerime tölärsiň! Go to the (State) bank and pay the fine!
jeset jeset n corpse, dead body Düýn gumda näbelli jeset tapyldy. Yesterday an unidentified body was found in the desert.
jeýhun jeýhun [je:ýhun] adj storming, raging jeýhun derýa raging torrent
jeza jeza [jeza:] n punishment jeza bermek to punish ölüm jezasy death penalty berk jeza strict/harsh punishment jeza çekmek to bear/take punishment, pay the penalty, be punished Ol adamlaryň günäsi üçin jeza çekdi. He suffered punishment for the sins of the people.
jezalandyrmak jezalandyrmak [jeza:landyrmak] v to punish, have someone punished Käte bigünä adamlar jezalandyrylýar. Sometimes innocent people are punished.
jähek n edging, trim (on clothing), border, hem Donuň owadan jähegi bar. The robe has beautiful trim.
jähennem jähennem 1n Hell jähenneme git! Go to Hell! {religious} 2- who cares, well (word expressing indifference) jähennem, näme bolsa bolsun! Well, so be it!
janyny jähenneme ibermek (comp.) v to kill, murder Han adamlaryna: "Ýesir edilip getirilenleriň janyny jähenneme iberiň" diýip buýruk berdi. Khan commanded his people: "Kill the prisoners."
jähet (fr. var. jäht) n point of view, perspective, position, aspect Bu jähetden biziň Prezidentimiz öwülmäge mynasypdyr. From this perspective, our President deserves praise.
jäht fr. var. of jähet
jäjek jäjek n 1toy, plaything Ol çagasyna her dürli jäjekler satyn aldy. She bought different kinds of toys for her child. Indi toýlarda jäjek seçmek adat boldy. Now it has become the custom to give out favours at weddings. {colloq} 2shard, fragment (e.g. of pottery) 3sequin, spangle, glitter
jigi jigi [jigi:] cf: ini. n 1younger sibling gyz jigi younger sister [only Ahal-Teke men use jigi to refer to younger brothers. Other clans use it only to refer to younger sisters.] 2younger relative (via brother or father), cousin 3younger person, form of address to your juniors [only Ahal-Teke men use jigi to refer to younger men.]{dial}
jigit jigit n 1lad, young man [in the sense of 'the lads'] 2warrior, cavalryman Jigitler ata atlanyp, ýola düşdi. The cavalrymen mounted their horses and went on their way.
jikme-jik jikme-jik [ji:kme-ji:k] adv thoroughly, in detail, minutely jikme-jik gürrüň bermek to give a detailed account