Türkmençe – iňlisçe


b


batareýa batareýa n battery Sagadyň batareýasy çökenligi sebäpli, işe gijä galdym. I was late for work because the clock's battery had gone flat. Babam uruşda artilleriýa batareýasynda söweşdi. My (maternal) grandfather fought in the artillery battery.
batbörek n kite
batga batga n swamp, marsh, bog Obamyzda ýagyşdan soň batgasyndan ýaňa ýörär ýaly däl. After it rains in our village you can't walk because it's like a bog.
batlanmak batlanmak [ba:tlanmak] v to strengthen, become/get stronger, intensify, gain strength Çölde tozanly tüweleý agşamara batlandy. In the desert the dust storm gained strength during early evening.
batly batly [ba:tly] adv 1strongly, intensely, powerfully Batly şemal miweli baglaryň güllerini gaçyrdy. The strong wind brought down the blossom in the orchard. 2quickly, fast Gözbagçy eliniň batly hereketi bilen tomaşaçylaryň gözüni baglaýar. The magician, with a quick action of his hands, fools the eyes of the audience. 3loudly Aman batly sesi bilen aýdym aýdýar. Aman sings with a loud voice.
batyrmak batyrmak v to dip, dunk Çöregi gaýmaga batyryp iýseň süýji. If you dip your bread in cream and eat it, it is sweet.
batyr batyr [ba:tyr] adj 1brave, bold, courageous Sirkde gaplaňlara tälim beriji adamlary batyr görmeli. In the circus those who control the tigers have to show bravery. 2Batyr Türkmenlerde ogyl bolanda, köplenç Batyr diýip at dakýarlar. When a boy is born Turkmen people often give them the name Batyr.
batyrlyk batyrlyk [ba:tyrlyk] n braveness, boldness, courage Türkmeniň taryhynda Gökdepe galasyny goran aýallar öz edermenligini we batyrlygyny görkezdi. In Turkmen history the women who defended the fort at Goekdepe showed great courage and bravery.
batyrsyramak v to seem brave
baý baý [ba:ý] 1adj rich Ruhy baý adam köp ýagşy kitaplary okaýar. A spiritually rich person reads many good books. baý toprak rich land Dökin berilen ýeriň hasyly baý bolýar. If you put manure on the land the harvest will be rich 2n rich man
baý-bow baý-bow [baý-bo:w] interj My goodness! Baý-bow, bu garynjalara seret! My goodness, look at these ants!
baýamak baýamak [ba:ýamak] v to become rich, get rich, come into some money, go up in the world Söwdegär bir şapbatda, çopan bir ýylda, daýhan on ýylda baýaýar. A businessman gets rich in one moment, a shepherd in one year, and a peasant in ten years.
baýdak baýdak n flag, banner Her ýurduň baýdaklary özüçe owadan. Each country's flag is beautiful to them.
baýguş baýguş [ba:ýguş] n owl Meniň, baýguş ýaly, gijelerine gözüme uky gelenok. I'm like an owl - I can't sleep at night. Baýguş guşuny birinji gezek zoologiýa muzeýinde gördüm. I first saw an owl in a zoological museum.
baýlaşmak baýlaşmak [ba:ýlaşmak] v to widen, increase, enrich Kitaphanada okaýan kitaplarym bilimimiň baýlaşmagyna kömek berýär. In a library the books I read help to enrich my education.
baýlyk baýlyk [ba:ýlyk] n riches, wealth Adam üçin iň uly baýlyk ruhy baýlygy. For people, the most important riches are spiritual riches.
baýrak baýrak n prize, reward, award Himiýa olimpiadasynda birinji ýere eýe bolup, iň uly baýragy aldym. In the chemistry competition I got first place and won the largest prize.
baýram baýram n Bairam; festival, celebration, free day, holiday Ýeňiş baýramyňyz gutly bolsun! Congratulations on victory day! Nowruz baýramyna gabatlap, öňünden bugdaý ekip goýýarlar. Before New Year's festival arrives, they sow wheat.
baýramçylyk baýramçylyk n holiday, day off, festival Baýramçylyklaryň içinde iň gowy hem gyzyklysy Gurban baýramy. Amongst the festivals Gurban festival is the best and most interesting.
baýyr baýyr n foothills, hill(s), knoll, hillock Bahar paslynda, baýyrlaryň ýüzi her dürli güllerden dolýar. In Springtime the face of the foothills is covered with all kinds of flowers.
baýyrlyk baýyrlyk n hills, hilly area Her ýyl etrabyň çetindäki baýyrlykda hasyl toý edilýär. Each year a harvest festival is celebrated on the edge of the region in the hilly area. Ýagyşdan soň baýyrlyk tarapdan älemgoşar görindi. After it rains in the hills you can see lots of poppies.
baza baza [ba:za] n 1base, area pagta baza cotton collection area 2wholesalers Söwda bazasyndan dükanlara haryt paýlanýar. Shops buy their goods from wholesalers.
bazar bazar [ba:zar] n market, bazaar, marketplace Mal bazarda saýlama mallar bar. In the animal market there are good quality animals. Tomus, bazarda göwniň islän zadyny alyp bolýar. In the summer you can buy lots of good stuff in the market.
bazar güni bazar güni [ba:zar gün] n Sunday, market day Bazar güni bazara köp haryt çykarylýar. On Sunday many goods are taken to market.
beden beden cf: organizm. n body Daglykda ýaşaýan adamlaryň bedeni sag. Those who live in the mountains have a healthy body.