Türkmençe – iňlisçe


b


başagaý başagaý adj to get into a fuss Öýde başagaý bolup, açary alman gaýdypdyryn. I got in such a fuss I left home without my keys.
başarmak başarmak modal v to be able, be capable of Başarmajak işiňe başlama. Don't try to do what you are not capable of.
başarjaň başarjaň adj able, capable, skilful Başarjaň adamlar işden gorkanok. Capable people aren't afraid of work.
başarjaňlyk başarjaňlyk n ability, skill, aptitude Ussa öz eden işini basarjaňlyk bilen ýerine ýetirdi. The craftsman did his work with skill.
başarnyk başarnyk n ability, skill, faculty, knack; gift Her adamyň öz başarnygy bar. Each person has his own gifts.
başaşak başaşak [başaşa:k] adj upside-down Meniň agam eliniň üstünde başaşak durup bilýär. My older brother/relative can do hand-stands.
başda başda conjunction first, at first, in the beginning, at the outset Başda iş agyr bolýar. At first work is hard. başda durmak to be in charge
başdan başdan adj from the very beginning, from the very outset
Aýaly başdan, çagany ýaşdan (say.) Train your wife from the beginning, your child from when they are young
başdan-aýak1 başdan-aýak 1 adj from head to foot, from (the) beginning to (the) end, top to bottom öýi başdan-aýak arassalamak to tidy the house from top to bottom Çeper filmi köp bölüm bolsa-da, başdan-aýaga çenli seretdim. I watched the film from beginning to end despite its many parts.
başdansowma başdansowma adj careless, negligent başdansowmalyk carelessness, negligence Ýaltanyň özi başdansowma eden işlerine büdreýär. A lazy person's careless work, makes him stumble.
başga başga adj 1another, other, different Başga maşyn sürmek üçin, meniň derejäm gabat gelenok. My driving categories don't allow me to drive a different sort of vehicle. Garrygyz gawuny bilen waharman gawunynyň tagamy başga. Old maid melons and waharman melons have a different flavour. 2except, apart from Senden başga howandarym ýök meniň. Apart from you I don't have any close support.
başgaça başgaça adj differently Her tireniň halylarynyň gölleri başgaça dokalýar. Each tribe weaves their carpet pattern differently.
başlamak başlamak v to start Toýa başlamak üçin molladan sähet soramaga barýarlar. In order to start the wedding they go to the Mullah to ask if it is a good (lucky) day.
başlanmak başlanmak v to start, begin Çeper film agşam sagat sekizde başlanýar. The film starts at 8pm.
başlangyç başlangyç n beginning, start, commencement Hazirlikçe täze açylan kärhananyň başlangyjy gowy. The newly opened business has started well.
başlyk başlyk n manager, director, speaker, chairman, chief, head; boss Kazyýetiň baş kazysy adalatly adam. The court's chief judge is a just man. {colloq}
başlyklyk başlyklyk n chairmanship, presidency (of a council) Täze goýlan başlyk, başlyklyk wezipesini gowy ýerine ýetirýär. The newly appointed boss carries out his chairmanship duties well.
başpena başpena [başpena:] n guard
baştutan baştutan n leader Maşgalamyzda kakam baştutan bolup, hemmämize gowy maslahatlary berýär. In our family my father gives good advice to us all as a leader.
baştutanlyk baştutanlyk n leadership Prezidentiň baştutanlygy bilen, Türkmenistan uly ösüşlere ýetýär. Under the president's leadership, Turkmenistan is really moving forward.
başuç başuç [başu:ç] n head of the bed Ene çagasynyň başujunda oturdy. The mother sat at the head of the children's bed.
başy başy n beginning, start başynda at, during, while stoluň başynda at the table Agşam çaý başynda, günüň dowamynda bolup geçen zatlaryň gürrüňini edýäris. In the evening over tea, we tell what happened during the day. Dawanyň başy, agyr sözden başlaýar. Disagreements begin with hard words.
bat bat [ba:t] n 1velocity, speed, acceleration Çapyp barýan atyň badyny saklamak kyn. When it is racing, a horse's speed is hard to restrain. Öý pişigiň badyndan, ýabany pişigiň bady çalt. A wild cat is faster than a pet cat. Maşyn bat alyp başlady. The car began to accelerate. 2force, power Ylgap barýarkam, öňümden ýarak it çykyp, bar badymy aldy. While I was running a howling dog ran out and took away all my power. bat bilen urmak to hit hard Buzuň üstünde taýyp bar bady bilen ýykyldy. On the ice s/he slipped with full force.
batmak batmak cf: badyna. v 1to sink, go down, be lost Aýagym batga batdy. My hand sank into the swamp. 2to set Oraza aýynda gün batandan soň agyz açylýar. During the month of Ramadan after the sun has set we break our fast. 3to get a splinter Elime tiken batdy. I got a splinter in my hand. 4to be plunged into, be absorbed in, be immersed in Guwanç täze maşyn alyp bergä batdy. Guwanch bought a new car and was immersed in debt.