Türkmençe – iňlisçe


b


barlyk barlyk [ba:rlyk] n being, existence
barlyşmak barlyşmak v 1to be reconciled Ol başy boş aýal bilen barlyşdy. He was reconciled with his empty-headed wife. 2to agree, get on with (each other) Iki guda öz aralarynda ylalaşyp, çagalarynyň biri-birine barlyşmagyny islediler. The two sets of in-laws, agreeing amongst themselves, wanted their respective children to get on with each other. [The two children are married to each other.]
barlyşyk barlyşyk n 1armistice, truce, cease-fire 2agreement Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federatsiýasynyň Prezidenti gaz we nebit önümleriniň meselesende barlaşyga gol çekdiler. The presidents of Turkmenistan and the Russian Federation signed an agreement concerning gas and oil.
barmak2 barmak 2 n 1finger başam barmak thumb, big toe süýem barmak index finger orta barmak middle finger ogulhajat ring finger külem barmak pinky, little toe Barmagym çykyp tebibiň ýanyna bardym. My finger was dislocated so I went to see the folk healer. {anatomy} 2toe Gelinbarmak üzimi, süýji sortlaň birisi. Gelenbarmak grapes are one kind of sweet grape. Palaw bişireňde bürünjiň üstüne guýmaly suwuň ölçegi iki barmak ýaly bolmaly. When you cook pilau the amount of water you add should be two fingers width above the rice. {anatomy}
On barmagy hünärli. (comp.) S/he is a jack of all trades. On barmagy hünärli bolansoň, Jereni hemmeler halaýar. Everybody likes Jeren because she is a jack of all trades.
barşy sp. var. of baryş
bary bary [ba:ry] adj the whole, all of Balykçynyň tutan balygynyň bary üç sany. The bird-catcher caught three birds in all.
bary bilen bazar eýlemek (comp.) to live within one's means
barybir barybir [ba:rybir] conjunction nevertheless, anyway, even so, in spite of, in any case Barybir gitmeli bolar. Nevertheless it's necessary to go.
baryp baryp adj going on for, as long ago as, as far back as Baý-bow, ol baryp haçanky bolan wakalar. My goodness, that happened a long time ago.
barypýatan barypýatan adj real, true; really, truly Ot-çep basyp giden mellek, barypýatan ýaltalykdyr. If your piece of ground is overgrown, then you're really lazy. {negative connotation}
baryş baryş (sp. var. barşy) cf: barşy. n behaviour, manners, conduct, comportment, the way you act özüni alyp barşy his behaviour, conduct Tamadaň toýy alyp barşy örän gyzykly hem şadyýan. The way the master of ceremonies conducts proceedings at a wedding is very interesting and makes you feel good. Sahnada artistleriň özüni alyp barşy ýaman ynandyryjy. The way the actors act in the scene is very believable.s
alyp baryş behaviour Onuň alyp barşy gowy. His/her behaviour is good.
basmak basmak v 1to tread Aýak basmak üçin basgançak gurnadyk. We made steps to tread on. 2to hug Ene üzak wagt görmedik balasyny bagryna basdy. The mother hugged the child she hadn't seen for ages. 3to conquer 1327-nji ýylda Çingiz han Buhara imperiýasyny basyp aldy. In 1327 Ghengis Khan conquered the Bucharan empire. 4to store Güýz aýlary maldarlar ot basyp, gyşa taýynlyk görýärler. In the autumn farmers store grass and keep it for the winter. 5to try 6to dip Jenaýatçynyň barmaklaryny syýa basyp, yzyny aldylar. Criminals' fingers were dipped in ink, and their fingerprints were taken. 7to place, put Polis ony tutup, gabawhana basdy. The police caught him, and placed him in a cell. 8to fill up with Ýaşalmaýan jaýyň içini derrew çaň basýar. A house not lived in quickly becomes full of dust
ýüzüne basmak (comp.) to confront, say something directly to another persons face Edilen ýalňyşy ýüzüne basyp aýtdy. He told him his fault straight to his face.
Ody özüňe bas, ötmese kesekä (say.) Try something yourself before you expose it to others. Sen näme uly bolup kiçä azar berýäň? Ody özüňe bas, ötmese kesekä. Why do you hurt a little even if you are big? Try something yourself before you expose it to others.
basgançak basgançak n stairs, steps, a ladder Kiçi çagaň bir özini basgançaga göýbermeli däl. Small children should not be allowed up the stairs. Basgançaga haly ýazdym. I spread the carpet out on the stairs.
basgylamak basgylamak v to tread (on)
basmaçy cf: galtaman. n robber, bandit
basmahana basmahana [basmaha:na] n printing house, printers
basmarlamak basmarlamak v to come upon Döwleti agyr uky basmarlady. A deep sleep came upon Dowlet. Ony garrylyk basmarlaýar. Old age has come upon him.
basseýn basseýn [bas'seýn] n 1pool, swimming baths Derýanyň basseýni. A place to swim in the river. 2field kömür basseýni coalfield
basybalyjy adj aggressive, intending to invade
basybalyjylyk n aggression, intention to invade
basylmak basylmak v to be conquered Stalingrad söweşinde faşist goşynlary ruslardan basyldylar. In the battle of Stalingrad the fascist army was conquered by the Russians.
basym2 basym 2 n stress, accent basymly bogun stressed syllable Belli sözleri basymly we basymsyz bogyna bölmek. Well known words can be divided into those with stress and those without stress. {linguistics}
basym1 basym 1 adv quickly, rapidly, hurriedly; soon basym bol! hurry up! Basym gyş düşer, ýer ýüzi ak gara çaýylar. Winter will come quickly, the ground will be covered with snow. Basymjak çaý goý, myhmançylyga daýyň geldi. Basymrak awtobus geläýmese, ýaman üşedim.
basyrmak basyrmak v to incubate, sour... Hamyry ýugrup sowuk ýerde basyrsaň, çörek gülli bolýar. If you knead dough and place it in a cold place, the bread will show something like finger marks. Süýdi basyrmak üçin, ýyly jaý gerek. To cover (and sour) milk you need a warm room.
ýurmurtgany basyrmak (comp.) to hide, conceal Towuk kürk bolanda, aşagyna ýumurtga goýup basyrmaly. When the hen is sitting, the egg has to be placed under the hen so it incubates. jenaýaty basyrmak to hide a crime
basyş basyş n pressure gan basyşy blood pressure ýokary/aşak basyş high/low pressure Garry adamlaryň gan basyşy ýokaryk galsa, olar heläk bolýarlar. If an old man's blood pressure rises, it is dangerous.
baş baş cf: boýun, egmek. n 1head, top, foremost başy düşmek to chop someone's head off başda durmak to be in charge baş agyry headache baş agza chief member baş harp capital letter derýanyň başy the head of the river 2beginning, start oýnuň başy the start of the game gürrüňiň başy the beginning of the conversation saçagyň başynda sitting at the table(cloth) 3nominative baş düsüm nominative case {grammar} to throw sand over your head
baş asmana ýetmek (comp.) to be very happy
baş bermezlik (comp.) not able to overcome
baş çykarmak (comp.) 1to understand, make out 2to solve, find a solution
baş egmek (comp.) to bow down; bow one's head
baş galdyrmak (comp.) to raise your head
baş götermek (comp.) to rebel
baş öwretmek (comp.) to train (an animal)
baş üstüne (comp.) post My pleasure!
baş-başdaklyk (comp.) rebellion, sedition
başa bela gelmek (comp.) to have misfortune come your way
başdan sowmak (comp.) to do something quickly
başdan-aýak2 (comp.) from beginning to end
başy çaşmak (comp.) to be confused, in a mess
başy çatylmak (comp.) to be bound up with string; to tie the knot
başyna düşmek (comp.) for something to happen to the person
başyna goýbermek (comp.) to let someone do what they want, remove all control
başyna ýetmek (comp.) to finish someone/something off
Başyňa döneýin! (comp.) Let me persuade you!
başyňdan gum sowurmak (comp.) for a close relative to die; to be poor
başyňy ýassyga ýetirmek (comp.) to want to go to sleep
Başa barmaz! (id.) Perish the thought!