Türkmençe – iňlisçe


b


buýsanç buýsanç n pride Ýurdumyň parahat hem asudalygyna buýsanç bilen garaýaryn. I guard our country's peace and quiet with pride. Öz ýakynlaň barada buýsanç bilen geplemek örän ýakymly.
buýurmak buýurmak v to order, command, book
buz buz [bu:z] n ice Buzuň üstünde taýmak şeýle bir hezil. Ice-skating is so enjoyable. Gyşda jaýyň depesindäki sallanyp duran buzlar örän howply.
buzgaýmak buzgaýmak n ice-cream
büdremek büdremek v to stumble (over), get stuck (on) Awtobusa ýetişjek bolup ylgamda, daşa büdräp dyzyma ýykyldym. When I was running for a bus, I stumbled over a stone and fell to my knees. Garaňkyda bir zada büdräp tas ýykylypdym. Basmançakda büdräp, ýykylmajak bolup germeçden ýapyşdym. Bu iş meni büdretdi. Saz çalanda, onuň eli büdreýär.
bükmek bükmek v 1to bend, curve, fold Dyzymy büküp köp otursam aýagym agyrýar. If I kneel for long periods my legs ache. Bilimi büküp ýere gül ekip çykdym. I bent over and went out to plant flowers. 2to prepare (food) Börek bükmegi ors goňşymdan öwrendim. I learnt to make boerek from my Russian neighbour. Somsany köplenşip derrew bükip, ýaýyp we bişirip alýarys.
bükülmek bükülmek v to bend (down), bow (down), stoop Kiçilikden bileni-biteni diňe tikin bolansoň onuň bili bükülipdir. Since from his/her youth s/he has only been able to produce thorns, his/her back is bent. Bilini büküp, hasaly ýörer.
gara hyzmatdan bükülmek (comp.) become ill from hard work
bürelmek bürelmek v cloud over Dag buluda bürelipdir. The mountain had clouded over.
bürenmek bürenmek v to cover oneself, wrap oneself Çybynlardan ýaňa ýorgany kelläm bilen bürenip ýatdym. Because of the mosquitoes I slept with my quilt wrapped round my head. Agşamlaryna howa soganda dona bürenmesem sowuk bolýar. Kürtä bürenip oturan geliniň ýüzini açyp gördüm.
bürenjek bürenjek n head scarf, cover Dinçi musulman ýurtlarda aýal gyzlar bürenjege bürenip gezýärler. In strict Muslim countries the women and girls go round with head scarves on. Turist bolup Eýran ýurduna gidemde bürenjekli gezdim. When I went to Iran as a tourist I wore a head scarf.
bürgüt bürgüt n eagle Haýwanat bagynda birinji gezek janly bürgüt gördim. Gök asmanda uçyp barýan bürgüdi surata aldym. I took a picture of an eagle flying high up in the sky.
bürünç2 bürünç 2 n bronze Futbol ýaryşynda biziň komandamyz bürünç medala eýe boldy. In the football competition our team won bronze medal. Joramyň toýyna bürünçden ýasalan önümleri sowgat etdim.
bürünç1 bürünç 1 n rice Palow bişirmek üçin dükandan bürünç satyn aldym. I bought some rice at the shop so I could cook pilaf. Bürünç ak, mele hem gyzyl ymtyl reňkde bolýandygyny, joram getirende bildim.
büs-bütin büs-bütin [büs-büti:n] cf: bütinleý. adv totally, completely, full Çagany ogullyk alaňda büs-bütin hemme taraplaýyn öz üstüňe almaly. When your child is caught thieving you need to take full responsibility for it. Dört ýyl görmedik şäherim büs-bütin gowy tarapa uýtgäpdir.
bütin bütin [büti:n] adj all of, whole Tikip oturan köýnegimi ýetişdirjek bolup bütin günimi sarp etdim. I spent the whole day trying to get my dress sewn in time. Gerek bolan kasetamy bütin bazara aýlanyp çyksamam, tapmadym.
bütindünýä bütindünýä [büti:ndpnýä] adj worldwide, international, global, universal, whole world; internationally Filormoniýa konserdine bütindünýa belli sazlaryň birnäçesi çalyndy. Various internationally-renowned musicians played at the Philharmonic's concert. Türkmenistan garaşsyz hem bitarap bolany bäri, özini bütindünýa tanatdy. Since Turkmenistan has become independent and neutral it has become known by the whole world.
bütinleý bütinleý [büti:nleý] cf: büs-bütin. adv completely, utterly, in full, totally, quite, entirely Durmuş bütinleý özgerdi. Our life has completely changed.
büzmek büzmek v to tighten, tie up Köýnegimiň etegini büzmek-büzmek edip tikdim. I sewed up the hem of my dress tightly. Tikin maşynym büzüp tikýa diýip ussa görkezdim. Gyzyma agzy büzülýän bukja tikdim.
byçgy byçgy n saw, hack-saw Satyn alan byçgymyzyň dişi ýaman ýiti. The teeth of the saw we bought are really sharp. Alçamyzyň guran şahalaryny byçgy bilen kakam kesip aýyrdy.
bykyn bykyn n side Eliňi bykynyňa urup durmada, gelde dogramaň nanyny dograş. Türkmenlerde zenan maşgala elini bykynyna ursa halananok.
býujet býujet n budget Döwlet býujet kärhanalary aýlygy gowy hem wagtynda berýar, The state-owned and budgeted workplaces pay good wages and on time.
býuro býuro [býu'ro] n office, bureau; line Sorag-jogap býurosyna jaň edip, otlyň ugraýan wagtyny bildik. We rang the help line and found out the time of the train. Duralgada tapan pasportymy, ýitirilen zatlar býurosyna tabşyrdym. I handed in the passport I found at the bus stop to the lost and found office.