Türkmençe – iňlisçe


b


bagtsyz bagtsyz adj unhappy, unfortunate Uruşda ýogalan esgerleriň ene-atalary bagtsyz. The parents of soldiers who come back deceased from the war are unhappy. Maýyp we ýetimler öýündäki çagalar örän bagtsyz. Cripples and orphans who live at home are very unfortunate. bagtsyz bolmak to be unhappy 1948-nji ýyldaky ýer titremesi Türkmenistan üçin iň bagtsyz ýyl boldy. The earthquake which occurred in 1948 made it the most unfortunate year for Turkmenistan. bagtsyz etmek to make unhappy
bagtygara adj unhappy, unlucky
bagtyýar bagtyýar [bagtyýa:r] adj 1happy, fortunate Türkmenistan döwletimiziň adamlary bagtyýar. The people of the state of Turkmenistan are fortunate. Ýurt parahatçylygy adamlary bagtyýar edýär. The nation's peace makes people happy. 2Bagtiyar [boy's name]
bagyr bagyr n 1liver Bagry agyrýan adamlara alkagol içgilerini içmek gadagan. For people with liver problems it is forbidden to have alcoholic beverages. Hassanyň bagryny rentgene düşürdiler. They put the sick person's liver through the X-ray. 2heart, soul Ejem ýögolanda, görüp bilmedigime ýürek-bagrym ýanyp kül boldy. When my mother died, the fact that I couldn't see her turned my heart and liver into ash.
bagyş etmek bagyş etmek v to dedicate, devote; donate Watanym üçin mal-mülkümi bagyş etmäge kaýyl. I was happy to donate my flocks and possessions to my mother country. Nahardan soň ölen-ýitenlere bagyş edip, aýat-töwir okalýar. After eating, those lost and died are dedicated and/as some scripture and a grace is read. Çagalar öýüne bir-näçe oýnawaç bagyş etdim. I donated several toys to the nursery.
bagyşlamak bagyşlamak 1v to dedicate Güýç-kuwatyny önümçilige bagyşlady. He gave his strength and health to (factory) production. Gahrymanlar janyny ýeňiş üçin bagyşladylar. The heroes dedicated their lives to gaining victory. Babadaýhan bütin ömrüni eken baglaryna bagyşlady. The patron saint of farming devoted his whole life to planted gardens. 2interj to forgive Gadyr gijesinde adamlar biri-birini bagyşlaýarlar. On Gadyr night people forgive each other. [Gadyr night is a feast at the end of Ramadan.]
Bagyşlaň! (comp.) 1Forgive me! Sorry. Bagyşlaň! Kitaphana haýsy köçede ýerleşýärkä? Excuse me, I wonder on which street the library is located? 2Excuse me
bagyşlanmak bagyşlanmak v to be dedicated, be devoted Jenaýatçy günäsiniň azda-kände bagyşlanmagy üçin, derňew işine kömek etdi. Criminals, whether they have few or many sins, are quickly helped into work.
baha baha [baha:] cf: çek. n 1price, cost Çöregiň bahasy näçe? How much is the bread? Satylýan erbet hilli aýak gaplar bahasyna görä däl. The poor-quality footwear is not worth its cost. Muzeýdäki eksponatlaryň bahasy çäksiz. The exhibits in the museum were priceless. belli bahasy ýok no fixed price 2opinion, popularity Teatrda goýlan sahna gowy baha berildi. The stage that was put in the theatre was well-liked. Doganyň dogana bahasy ýökdyr. One's brother's value is priceless. 3score, mark Mugallym okuwça bäşlik baha goýdy. The teacher gave the pupil a five.
bahalamak bahalamak v to cost, price, estimate the worth Dokalan halynyň hilini bahalamak üçin ýürite adam çagyrdyk. A specialist was called in order to estimate the carpet's worth. Atam mal bazara goýun bahalamaga gitdi. My father went to the livestock market to price the sheep.
bahalaşmak bahalaşmak v to haggle, to barter, to negotiate a price Bazarda bahalaşyp keçe aldym. At the market I haggled and bought a felt mat. Goňşyma ylalaşykly bahalaşyp sygyrymy satdym. I sold my cow to my neighbour at the agreed and haggled price. Firmanyň üsti bilen bahalaşyp jaý satyn aldyk. We haggled with the firm's help and bought a house.
bahaly bahaly adj expensive, valuable Daýhan birleşikde agrarçy hünärment bahaly adam. In a collective farm an agricultural specialist is a valuable commodity. Arheologlaryň gazyp tapan gadymy küýzesi örän bahaly. The ancient jug that the archaeologists dug up is extremely valuable.
bahana bahana n cause, reason, excuse, pretext, grounds bir bahana bilen under/on the pretext of Ýaz aýynda bahana bilen joralarymy alyp gök meýdana çykdyk. During spring my female friends and I had a good reason to go to a meadow (for a picnic). Bir iş bilen şähere baranymda, bahana bilen babamlara myhmançylyga bardym. When I went to town for something, I had the pretext of going to see my grandfather's family. Nurgeldi ekskursiýa gidende, bahana bilen gämä münüp gördi. When Nurgeldi went on an excursion he had an excuse for experiencing a boat trip.
bahar bahar cf: ýazdyrmak1, ýazmak3. adj 1spring Bahar paslynda baglar gülleýär. In Spring the trees come into bloom. Bahar baýramy Spring festival [early Spring] 2Bahar Baharda godylýan gyzlaryň adyna Bahar diýip dakylýar. Girls born in the Spring are often named Bahar. [girl's name]
bahyl bahyl [bahy:l] adj envious
bahyllyk bahyllyk [bahy:llyk] n envy
baja baja [ba:ja] n brother-in-law, a man's wife's sister's husband Aýal doganlaryň ýoldaşlary biri-birine baja bolýar. Sisters' husbands are 'baja' to one another.
bajy bajy n 1sister [form of address to someone approx. the same age, but not well acquainted with.]{dial} 2older sister (some dialects) Gyz maşgala doganlaryna we jigilerine bajy bolýar. Women in the family are bajy to their brothers and sisters.
bak bak [ba:k] n tank benzin baky petrol tank Maşynyň benzin bagyny dolduryp gitdik. We went out to fill the car's petrol tank.
bakmak bakmak v 1to watch, look (at), stare (at), gaze (at) Maşynyň içinde we gapdalynda yzyňa bakmak üçin ýörite aýna goýylupdyr. A special mirror is put inside and on the sides of a car in order to look behind. Ýaş-juwanlar biri-birine mähirli bakyp otyrdylar. The young people sat looking at each other lovingly. Çagalary käýän wagtyň ýere bakyp durlar. When you tell children off they look at the floor. 2to graze, fatten up, tend Baga bakylan öküziň etinden palaw bişirip iýdik. We cooked and ate pilau made from the meat of an ox that had been fed intensively. Mal bakmak çopana ýagşy. It's good to watch livestock if you are a shepherd. Tut gurçugyny bakyp, gowy pile hasylyny aldyk. We kept mulberry worms and gained a good harvest of cocoons.
baka baka [baka] post towards, in the direction of Gyz öýlerine baka ylgady. The girl ran in the direction of her house.
bakaly bakaly [baka:ly] interj now, now then Dur bakaly! Now wait!
bakan bakan [bakan] post towards, in the direction of Gyz öýlerine bakan ylgady. The girl ran in the direction of her house.
bakja bakja n melon garden, plantation Bakjadaky ekinleri wagtly-wagtynda suwarmaly. Things planted in a melon garden need watering regularly. Bakjada her-hili gök önümler ösýär. In a plantation all kinds of plants grow. [especially for (water)-melon and gourds]
çagalar bakjasy (comp.) nursery school, kindergarten, crèche Çagalar, çagalar bakjasynda wagtyny şadyýan hem peýdaly geçirýärler. Children in a nursery school have an enjoyable and productive time. Çagalar bakjasynda terbiýeçiler çagalar üçin gyzykly sahnalary goýýarlar. In a nursery school the carers put on interesting shows for the children.
bakjaçy bakjaçy n melon grower Häzirki döwürde bakjaça terbiýeçi diýýärler. Currently melon-growers are classed as instructors.
bakna bakna adj dependent on, subordinate, part of the empire of 18-nji asyrda Hindistan Beýik Britaniýaň bakna ýurduna degişlidi. During the 18th century India was part of the British empire.