Türkmençe – iňlisçe


b


baba baba [ba:ba] n 1grandfather Ejemiň kakasy meniň babam. My mother's father is my maternal grandfather. {maternal} 2ancestor Biziň ata-babalarymyz köp däp-dessurlary galdyrypdyr. Our ancestors passed on many traditions to us. 3old man Okuwçy garry baba köçeden geçmäne kömek etdi. The student helped the old man across the road. 4Baba Taşkentde Lenin babamyz özbege, Aşgabatda türkmene, Alma-Atada gazaga meňzärdi. In Tashkent our grandfather Lenin was similar to an Uzbek, in Ashgabat to the Turkmen, in Almaty to a Kazak Lenin. [honorific title, esp. for saints]
babadaş babadaş [ba:badaş] n distant relative Ejemiň kakasy bilen kakamyň kakasy biri-birine baba tarapdan ýegen eken, ýagny onuň babadaşy. My mother's father is a nephew to my father's father on my maternal grandfather's side, it turns out, that is his distant relative.
babatda babatda [ba:batda] post about, concerning Ol pul babatda ejizdir. Concerning finances, he is weak.
bada bada [ba:da] adj at once, at one stroke, as soon as, immediately Buz çat açanda, şol bada adamlar üstüne bardy. As soon as the ice started cracking, people walked on it. Haýwanat bagynda maýmynlara alma uzadaňda, şol bada alýarlar. In a zoo, as soon as the apples are handed out, the monkeys take them. Polaroid fotoapparaty suraty şol bada çykarýar. A polaroid camera outputs photos immediately.
bada-bat (comp.) [ba:da-ba:t] adv immediately, at once Mugallymyň beren soragyna okuwçylar bada-bat jogap berýärdiler. The students immediately answered the teacher's questions.
badam badam [ba:dam] n almond
badamjan badamjan [ba:damja:n] n aubergine, egg-plant
badaşmak badaşmak [ba:daşmak] confer: bagryň badaşmak. v to be connected
bagryň badaşmak (comp.) confer: badaşmak. v to be committed to one another
badyna badyna [ba:dyna] cf: batmak. 1prep at once, as soon as Mamam tansyň badyna oýnap aýak agyrsy ýadyna düşmedi. As soon as she started dancing, my maternal grandma forgot her aching leg. Deňiziň gyrasynda uly şemalyň badyna durup bolar ýaly däldi. At the sea-shore as soon as the strong wind got up it wasn't possible to stand. 2n speed, velocity Badyna çapyp barýan aty saklamak kyn. The speed of a racing horse is difficult to sustain. Öý pişiginiň badyndan, ýabany pişiginiň bady çalt. A wild cat is faster than a pet cat.
bag2 2 [ba:g] n string, lace, shoelace aýak bagy someone who gets in the way
bag1 bag 1 [ba:g] n 1garden Ýaz paslynda miweli baglar, ak güllere batyp otyrlar. In the spring fruit trees produce white flowers. botanika bagy botanical garden 2orchard, grove miweli bag (fruit) orchard Mekdepde ýowar bolanda okuwçylar bag hem ekdiler. In schools, when it was time for voluntary labour the school children planted an orchard. Şu ýyl biziň bagymyz, köp hasyl berdi. This year our orchard provided much fruit. 3park Joralarym bilen seýil baga çykdym. I went to the park with my friends. Şäheriň merkezi bagynda, dynç alyş güni halk üçin aýdym-saz berilýär. On Sunday music is provided for the people at the central park. 4tree baga çykmak to climb a tree Ýaz pasylynyň başynda, baglara dökün berilýär. At the start of the spring season, the trees are manured.
çagalar bagy (comp.) kindergarten, nursery school, day nursery, playgroup Ýolöten şäherinde bäş sany çagalar bagy bar. There are five nursery schools in Yoloten. Çagalar üçin, çagalar bagy gerekli, ol ýerde tertip düzgüni öwrenýärler. For children, nursery schools are necessary. They teach them order and discipline there.
bag-bakja bag-bakja [ba:g-bakja] n garden, allotment, vegetable patch Bag-bakjada gögerýän gawun—garpyzlar örän tagamly. Sweet melons and water-melons grown in a garden are very tasty. Daýhanlar bag-bakjada zähmet çekip işleýärler. Farmers toil away in allotments.
bagana bagana n Astrakhan, fur Ýaşuly adamlar bagana telpek geýärler. Old men wear Astrakhan hats. Gyşda çopanlary bagana possun, sowukdan goraýar. During winter Astrakhan coats save shepherds from the cold. [curly lamb's fur]
bagban bagban [ba:gba:n] n gardener Bagbanyň işi, baglara seretmek, suwarmak, aklamak we düýp ýerini ýumşatmak. A gardener's work is to watch the garden, water it, tidy it, and soften hard ground. Baglary bagbandan gowy tanaýan ýok. No one knows gardens like a gardener.
bagjyk bagjyk [ba:gjyk] n tie, strap Çagalar bagynda çagalara köwüşiň bagjygyny daňmagy öwredýärler. In a nursery school they teach children how to tie their shoe laces.
baglamak baglamak [ba:glamak] v 1to tie Çapyksuwar atyň eýerini berk baglap münýär. Jockeys tie the horse's saddle on tight and then mount. Sürüden gelen sygyrlary gijesine gazyga baglaýarlar. Cows that come in from the herd are tied to a post at night. Balykçylar tutan balygyny tora salyp, ýüp bilen agzyny baglap, suwda saklaýarlar. Fish caught by fishermen are put in a net in the water with the mouth tied up with string. Gyzlar sähra çykyp, owadan güllerden çemen bagladylar. Girls went out into the steppe and tied up bouquets of beautiful flowers. Gözbagçy tomaşaçylaryň gözüni baglap, oýun görkezdi. The hypnotist tied up the spectator's eyes and demonstrated a trick. 2to lock Sürüjiler maşynyň howpsuzlygy üçin ony baglap goýýarlar. Drivers park and lock the car for safety. Ýygylan bugdaýy ammara bagladylar. They locked the gathered wheat in a barn. Kärhananyň işgärleriniň iş wagty gutarandan soň, garawul gapyny baglaýar. After the workers at the workshop have finished work the night-watchman locks the door. 3to shut off, fence Ýollar remont edilende, daş-töweregini baglaýarlar. When they repair the roads they shut them off from outside traffic. Mallar mellege girip ösümligi zaýalamazlygy üçin, mellegiň töweregini baglaýarlar. When domestic animals enter the field they fence the field in to stop them harming the plants. 4to link Goşulmalar sözleri biri-birine baglaýarlar. Affixes link words to each other. {grammar}
bil bagla (comp.) to resolve; to trust, rely on
ýüregiňi baglamak (comp.) to steal your heart Türkmen haly muzeýinde gören halym ýüregimi baglady. The carpet I saw in the Turkmen carpet museum stole my heart.
baglanmak baglanmak [ba:glanmak] v to be tied
baglanyşdyrmak baglanyşdyrmak [ba:glanyşdyrmak] v to associate, connect
baglanyşyk baglanyşyk [ba:glanyşyk] n connection, tie, bond Gün bilen ýer şarymyzyň magnitizm baglanşygy bar. There is a magnetic bond between the sun and our globe.
baglanyşykly baglanyşykly [ba:glanyşykly] adj connected with, bound up with, relating to Ylym we tejribe özara baglanyşykly bolmaly. Research and real-life must be related to each other.
baglaşmak baglaşmak [ba:glaşmak] v to make, form şertnama baglaş to make a treaty, form an alliance Gurluşyk kärhanasy bilen mekdep, täze gurluşyk şertnamasyny baglaşdylar. The construction firm and the school made a new agreement about the new construction project.
baglaýjy adj connective, conjunction {grammar}
bagly bagly [ba:gly] adj to be connected with, dependent on Men kömek edip biljek däl, meniň elim bagly. to have one's hands tied - can't do anything Arassa tebigatyň ekologiýasy adamlara bagly. The ecology of clean nature is connected with people. Okuwçylaryň gowy bilimi mugallyma bagly. The students' good learning depends on the teacher. Aýlyk hakymyz öndürýän önümize bagly. Our monthly wage depends on how much we produce. Obanyň saglyk ojagy sebitiň merkezi keselhanasyna bagly. Your village clinic is connected with the region's central hospital.
bagşy bagşy n folk-singer, bard Meniň gyzymyň bagşy bolasy gelýär. My daughter wants to be a folk-singer. Türkmenistanda zehinli bagşylar bar. Turkmenistan has talented folk-singers.
bagt bagt n happiness, good fortune bagtly bolmak to be lucky Uzak hem bagtly durmuşda ýaşap geçmek uly bagt. It is a great fortune to live a long and happy life. Ekzameni ýokary bahalara tabşyrmak uly bagt. It is pure joy if you get a high grade in an exam.
bagtly bagtly adj happy, fortunate, blessed 'Ýaşy uzyn, bagtly gyz bolsyn!' diýip, myhmanlar arzuw etdiler. 'May you have a long-living, happy daughter!' the guests wished. Myrat we Leýli durmuşyňyz bagtly bolsyn! May you, Murad and Leyli, live a happy life! Çagasy bolan ene-atalar örän bagtly adamlar. Parents who have children are very blessed.