Türkmençe – iňlisçe


ý


ýarmak ýarmak [ýa:rmak] v 1to crack Täzeçe ýumurtgany ýarmaly. You have to crack a fresh egg. 2to slit open, to cut open gawun ýarmak to cut open a melon 3to blow up köprini ýarmak to blow up a bridge 4to bite Meni it ýardy. The dog has bitten me. 5to break in öý ýarmak to break into a house 6to puncture Çüý maşynyň tigirini ýardy. The nail punctured the tyre. 7to make a hole in diwary ýarmak to make a hole in a wall
bagty daş ýarmak (comp.) to have luck with, be lucky
dil ýarmak (comp.) v to utter a word, to speak up, enter the conversation Biziň syrymyz barada hiç kimiň ýanynda entek dil ýarmagyn. Do not utter a word to anyone about our secret.
ýüregini ýarmak (comp.) 1to frighten, scare Daýaw köpek üýrüp meniň ýüregimi ýardy. A large dog frightened me with his barking. 2to frighten Onuň bolşuny görüp meniň ýüregim ýaryldy. Seeing his condition I was so frightened.
ýa2 ýa 2 interj oh! Ýa Rebbim, maňa kömek et! Oh my Lord, help me!
ýa1 ýa 1 conjunction or Bu çaýmy ýa kofe? Is it tea or coffee? ýa... ýa either...or Ýa ädik satyn al, ýa-da köwüş. Buy either boots or shoes.
ýa-da ýa-da [ýa:-da] conjunction or, or else azatlyk ýa-da ölüm freedom or death ýa... ýa-da either... or Dynç alyş güni ýa kino giderin, ýa-da teatra! On Sunday I'm either going to the cinema or to the theatre.
ýabak ýabak [ýa:bak] n pitchfork Babam maňa oba baranymda iki sany ýabak satyn aldy. My grandfather bought me two pitchforks when I visited to the village.
ýabany ýabany [ýa:bany] adj wild ýabany haýwanlar wild animals ýabany pişik wild cat ýabany ösümlik wild plant Ýabany kirpi gorananda, tikenleri bilen atýar. When wild hedgehog defends himself, it attacks with its thorns. Ýabany çolde örän gorkuly, otaýda her hili zäherli ýylanlar kän. Wild desert is very dangerous, there are many different poison snakes. {animate}
ýaby ýaby n horse Traktordan öň ýabylar daýhanlar üçin esasy işçi güýji bolupdyr. Before tractors horses were the main work power for farmers.
ýadamak ýadamak cf: ýadatmak. v to be tired, get tired Men köp işläp ýadadym. I've worked hard and got tired. ýöräp ýadamak to get tired of walking garaşyp ýadamak to get tired of waiting
ýadatmak ýadatmak [ýa:datmak] cf: ýadamak. v to wear out gözleriňi ýadatmak to wear out one's eyes Ol meni öz soraglary bilen ýadatdy. He wore me out with his questions. {person or object}
ýadaw ýadaw [ýa:daw] 1adj tired, weary ýadaw keşp tired appearance Pagta ýygyp, ýadan gyz çaý başyna oturdy. A tired girl after picked a cotton sat to have a tea. Ýükli ýadaw eşek haýal ýöräp barýar. A tired donkey with load is walking slowly. Utan sportsmen ýadaw bolsa-da, örän şatdy. Won sportsman was happy instead of he is tired. 2adv ýadaw görünmek to look tired, look worn out
ýadawlyk ýadawlyk [ýa:dawlyk] n weariness, tiredness ýadawlyk duýmak to feel tiredness (coming on) Onuň ýüzünde ýadawlyk duýulýardy. Weariness was felt in his face.
ýadawsyz ýadawsyz [ýa:dawsyz] adj tireless, indefatigable, without wearying ýadawsyz zähmet çekmek to work tirelessly/indefatigably
ýadygär ýadygär [ýa:dygär] n 1keepsake, remembrance ýadygär bermek to give as a keepsake 2souvenir ýadygär bermek to give a souvenir
ýadygärlik ýadygärlik [ýa:dygärlik] n 1as a keepsake, in order to remember ýadygärlik kitap bermek to give somebody a book as a keepsake 2monument, memorial gadymy ýadygärlikler ancient monuments kimdir birine ýadygärlik dikmek to erect a monument to somebody 3antique, antiquity arheologik ýadygärlikler archaeological finds
ýagmak ýagmak cf: ýagdyrmak. v 1to fall Ýagyş ýagýar. It is raining. Ýagyş güýçli ýagýar. It is pouring. Gar ýagýar. It is snowing. Ýagyş bedreden guýulan ýaly ýagýar. It is raining cats and dogs. Doly ýagýar. It is hailing. {precipitation} 2to be thrown, to rain down, to be fired (at) Sorag ýagyp başlady. The questions were raining down.
ýag ýag [ýa:g] n 1oil zeýtun ýagy olive oil maşyn ýagy machine oil pagta ýagy cotton-seed oil ýag zawody creamery 2fat guýruk ýagy tail fat goýun ýagy sheep fat 3oil, grease ýag gaby oil-can
ýag ýaly (comp.) smoothly, without any problems at all Onuň sözleri ýag ýaly ýumşak. His words as smoothly soft/kind.
ýagy bilen (comp.) brand spanking new Meniň daýym ýagy bilen maşyn satyn aldy. Mu uncle bought a brand spanking new car. {colloq}
ýagdaý ýagdaý n 1condition, state, situation Syrkawyň ýagdaýy gün-günden oňatlaşýar. The patient is getting better day by day. Ýagdaýyň nähili? How are things? adatdan daşary ýagdaý state of emergency ýagdaýlar gowulaşýar Conditions are improving. maddy ýagdaý financial situation 2status, standing maşgala ýagdaýy family status sosial ýagdaý social status 3occasion, moment amatly ýagdaý right moment 4opportunity, possibility Kynçylygy basyp, ýagdaý döredýär... When difficulties arise, possibilities are created... 5means, resources ýagdaýym ýok. I haven't got the means. {finances} 6atmosphere, environment Duşuşyk dostlukly ýagdaýda geçdi. The meeting has passed in a friendly atmosphere.
ýagdyrmak ýagdyrmak cf: ýagmak. v 1to irrigate, use the sprinkler emeli ýagyş ýagdyrmak to artificially irrigate 2to throw, bombard, shower daş ýagdyrmak to throw stones sorag ýagdyrmak to bombard with questions pul ýagdyrmak to squander money
ýaglamak ýaglamak [ýa:glamak] v to oil, grease, lubricate tikin maşynyny ýaglamak to lubricate a sewing-machine
ýagly ýagly [ýa:gly] adj fatty, oily, greasy ýagly palaw greasy pilau ýagly saç greasy hair
ýaglyk ýaglyk n scarf, headscarf ýüň ýaglyk shawl kelläňe ýaglyk daňmak to tie a headscarf on, to put a headscarf on
garagaş elýaglyk (comp.) silk handkerchief
ýagmyr ýagmyr n rain Howa gurak bolanda, ýagmyr ýadyr Soltanym diýip dileg edýäris. When the weather was dry we prayed and said let be rained my Lord. {dial}
ýagmyrly ýagmyrly adj rainy ýagmyrly howa rainy weather
ýagny ýagny conjunction that is (to say), to be exact Men ol ýerde anna güni , ýagny on bäşinji martda bolaryn. I'll be there on Friday, that is to say on the 15th of March.
ýagsyz ýagsyz [ýa:gsyz] adj lean ýagsyz et lean meat