Türkmençe – iňlisçe


ö


ömürlik ömürlik adj 1eternal, everlasting, forever, lifelong ...tilkiň ysy ömürlik burnunda galar. ...the fox's scent will stay in the [dog's] nose forever. Ýigidem bolup geçen wakalardan özüne ömürlik sapak alyp... My boy also learned lifelong lessons from past experiences ... 2durable, lasting, sturdy ömürlik edip salmak to build sturdily to fall into an eternal sleep
ömürlik uka gitmek (comp.) to pass away, die
ömürlik ýoldaş (comp.) lifelong partner
önmek önmek [ö:nmek] v 1to be born özüňden önen çaga one's own child 2to raise, grow Bu ýerde hemme zat önýär. Everything grows here. ...köp üzüm öner, onsoň köp çakyr ýasap bolar. ...a lot of grapes will grow and then it will be possible to produce a lot of wine. 3to increase, rise, grow Iş ýuwaş-ýuwaşdan önüp barýar. The work is gradually showing more results.
öndürmek öndürmek [ö:ndürmek] v to produce, manufacture süýt önümlerini öndürmek to produce dairy products
öndüriji öndüriji [ö:ndüriji] n producer (of goods) ...ýöne ol çilimkeşleriň we temmäki öndürijileriň arasynda nägilelik döretdi. ... but among smokers and tobacco producers it caused displeasure.
öndürijilik öndürijilik [ö:ndürijilik] n productivity, output, productiveness zähmet öndürijiligi work productivity
öndürilmek öndürilmek [ö:ndürilmek] v to be produced, be manufactured Bu ýerde dürli önümler öndürilýär. Different kinds of products are produced here.
önelgesiz önelgesiz [ö:nelgesiz] adj barren, infertile
önjeýli önjeýli adv productively, fruitfully önjeýli işlemek to work productively
önüm önüm [ö:nüm] n 1product, produce süýt önümleri dairy produce oba hojalyk önümleri farm produce nebit önümleri oil products önümümiň gymmaty cost of products ähli önüm gross product 2produce, food gök önümler vegetables
önümçilik önümçilik [ö:nümçilik] adj production önümçilik praktikasy practical training önümçilik maslahaty production meeting
önümli önümli [ö:nümli] adv productive(ly) önümli işlemek to work productively önümli suffiksler productive suffixes {grammar}
önüp-ösmek önüp-ösmek [ö:nüp-ösmek] v to be born and raised Men obada önüp-ösdüm. I was born and raised in a village.
öň öň 1front, before, next, forward, following, straight ahead jaýyň öňi the front of a house öňünde in front of öň tarapy front mekdebiň öňünde in front of the school Gözüniň öňünde ene-atasyny parçaladylar. They hacked up his parents before his eyes. öňe hereket etmek to move forward öňe seretmek to look (straight) ahead öňümizdäki hepdede following week, next week 2beginning öňüm gelenden soňum gelsin. Don't look at the beginning, look at the end. (sem. domains: Saying, proverb.) 3before Ol öň beýle däldi. He was not like this previously. bäş ýyl mundan öň five years ago wagtyňdan öň before one's time Biz öň şäherde ýaşaýardyk. We used to live in the city. wagtyndan öň bermek to give something in advance
öň ýeten (comp.) everyone, anyone
öňüni almak (comp.) to prevent, avert, ward off urşuň öňüni almak to prevent a war howpuň öňüni almak to ward off danger
öňüni soňuny pikir edip geplemek (comp.) adv to speak after careful consideration
öňbaşçy öňbaşçy n pioneer, entrepreneur
öňbaşçylyk öňbaşçylyk n leadership, guidance
öňde-soňda öňde-soňda adv sooner or later, sometime or other öňde-soňda öýlenmeli bolarsyň sooner or later you will have to get married
öňinçä öňinçä [öňi:nçä] adj first; before öňinçä pikir etmeli ekeniň you ought to have thought about it before gitmezimden öňinçä men onuň bilen gürleşmeli I must speak to her before going
öňki öňki adj 1former öňki wagtlarda in the old days, in former times biziň öňki mugallymymyz our former teacher 2last, previous öňki gezek saňa haýsy erteki aýdyp beripdim? Which fairytale did I tell you last time?
öňki-öňkülik öňki-öňkülik adj as it was previously, as it used to be hemme zat öňki-öňkülik everything is just as it used to be zatlary öňki-öňküligine goý leave it as it was
öňki-soňky öňki-soňky adj past and present öňki-soňkyny ýatlamak to remember the past and present ynha, onuň öňki-soňky edeni this is everything he has done; this is the sum total of what he has done
öňli-soňly öňli-soňly adv well, properly bir işi öňli-soňly etmek to do a job properly; to do something properly
öňlük öňlük n apron; pinafore
öňňin öňňin [öňňi:n] adv the day before yesterday
öňräk öňräk a bit earlier, as early as possible öňräk gelen bolsaň gowy bolardy it would be better if you had come a bit earlier
öňürtmek öňürtmek v to pass ahead, outstrip, take the lead (over), leave behind ol menden öňürtdi he outstripped me; he took the lead over me